Ýyldyzlaryň emele gelşi

Garalama
6 min readNov 21, 2019

--

Kiçi massaly ýyldyzlaryň emele gelşi barada umumy ýazgy.

Gijeleri, emeli ýagtylyk çeşmeleriniň bolmadygy ýerlerde asmana seredenimizde, bizden ýüzlerçe hat-da münlerçe ýagtylyk ýyly uzaklarda, Günümiz ýaly nuryny äleme saçýan, ululy- kiçili ýyldyzlaryň bizlere göz gyrpyşyny göreris. Käbirleri gyzyldyr, käbirleri mawy. Garaz ýyldyzlar, kosmik ummanyň kiçijek adasynda ýaşaýan ynsan kowmunyň ünsini asyrlar boýy özüne çekip gelýän asman jisimleri bolup, atalarymyz olaryň emele gelşi hakda dürli pikirler, çaklamalar, ynançlar döredipdir. Häzirki wagtda ýyldyzlaryň emele gelşi jikme-jik bilenmese-de umumy process şeýleräk:

Ýyldyzlaryň emele gelmegi üçin bir näçe millionlar ýyl gerek bolýar. Ortaça 400 milliard ýyldyzly galaktikamyzda, ýagny Akmaýanyň Ýolynda her ýylda ortaça 1–2 ýyldyz dogulýar. Bu sanlar kiçi (az) ýaly görünse-de kosmik ölçeglere görä kiçi(az) däl. Ýyldyzlaryň emele gelmegi üçin amatly bolan ýerler,galaktikalardaky içindäki ýyldyzara boşlukdaky gaz we tozana baý bolan gaz-tozan bulutlarydyr. Şeýle sredadaky (Intersteller Medium – ISM) maddanyň ortaça 90%-i gaz halynda bolup, gazlaryň 70%-i Wodoroddan (H ýa-da H₂), 28%-i Geliýden (He) we galan 2%-i Kislorod (O), Uglerod (C) ýa-da Azot (N) ýaly (agyr) elementlerden emele gelýär. Bu bulutlar garaňky dumanlyk sypatyny özünde jemleýän, “Garaňky Molekulýar Bulutlardyr” (Dark Moleculer Clouds). Molekulýar bulutlaryň giňişligi onlarça parsege ýetýär. We şeýle bulutlaryň içinde iň “ýönekeýi” Bok Globulalary / Bok Bulutlary / Bart damjalary (Bok globules – Açan astronom Bartholomeus Jan Bart Bok). Bu ýerlerde temperatura ortaça 10–20 Kelvin, dykyzlyk (~10³ -10⁴) /cm³ massalary 10 bilen 100 arasynda Gün massasyna deň bolup bilýär. Ginişlikleri bolsa bir näçe parsege deň bolýar. We ideal gaz kanunyna görä şeýle gurşawlar, hem sowuk hem-de pes basyşda bolýar.

Ýyldyzlaryň dogulýan ýerleri

Orion Nebulasyny Aýsyz, açyk gijelerde emeli ýagtylyk çeşmelerinde uzak, garanky ýerlerde gözegçilik edilende sada göz bilen görmek mümkin.

1-nji surat. Orion Nebulasy. Çeşme: https://www.kozmikanafor.com
1-nji Wideo. Oriona Nebulasyna gezelenç

Üç Ýyldyzdaky — Orion ýyldyzlar toparynyň içinde/çäginde ýerleşýän, bizden ortaça 1500 ýagtylyk ýyly uzakdaky atyň kellesine meňzeýän gara dumanlyk hem ýyldyzlaryň dogulýan ýerlerinden biri.

2-nji surat. Bernard 33. Çeşme: https://upload.wikimedia.org
2-nji Wideo. Oriondaky Horsehead Nebulasy

IC 2944 ýa-da başgaça ady bilen “ Runnıng Chicken Nebula”

3-nji surat. Çeşme.

VLT bilen seredeli.

3-nji wideo, IC 2944

Bernard 68

Asmanda bir gowak ýaly garanky görünýän Bernard 68 Molekulýar Buludy.

4-nji surat. Barnard 68 Molekulýar Buludu(Optik). Çeşme: https://upload.wikimedia.org

Suratdaky garaňky ýerler ýokarda agzalan Molekulýar Bulut. Garaňky bolmagynyň sebäbi ol ýerdäki gaz we tozan üstüne gelýän şöhlani serpikdirmeýär. Içindäki hem-de arkasyndaky ýyldyzlaryň şöhlesini geçirmän özüne siňdirýär. Ýyldyzlaryň emele gelýän gurşawlaryna gözegçilik etmek üçin Infragyzyl (IR) tolkun uzunlygynda işleýän teleskoplardan peýdalanýas. Sebäbi Temperaturasy bolan her bir jisim Infragyzyl tolkun uzynlygynda şöhle saçýar. ( Termal kameralaryň işleýşi hem şeýle ). 3-nji suratdaky Barnard 68 Molekulýar Buluduna Infragyzyl tolkun uzynlygynda “seretsek” garaňky ýerleri nähili görünerdi?

5-nji surat.Barnard 68 Molekulýar Buludu (IR). Çeşme: https://upload.wikimedia.org

“Bäbek ýyldyzlar” bilen doly görerdik.

Ýyldyzlaryň dogulşyna, ýaşaýşyna we ölümlerine ýakyndan täsir edýän iki esasy fiziki ululygyň birinjisi Dartyş güýji, ikinjisi bolsa Basyşdyr. Dartyş güýji, Ýyldyzlaryň emele gelmegi üçin gerekli bolan maddanyň bir merkezde toplanmagyna sebäp bolýan güýçdir. Basyş bolsa o merkeze jemlenýän maddany merkezden daşaryk itýän güýç. Muňa mysal hökmünde Dünýämiziň atmosferasyny gözöňüne getirsek, ýeriň Dartyş güýji hemme zady çekşi ýaly howany hem özüne çekýär, ýöne howanyň hemmesi ýer ýüzüne ýelmeşip, ýapyşyp durmaýar. Munyň sebäp bolýan güýç Basyşdyr.

Ilki başda Bulutdaky maddalaryň bir merkezde jemlenebilmesi üçin Dartyş güýji Basyşdan güýçli bolmalydyr. Eger şeýle bolmasa hadysa başlap bilmez. Bir merkezde toplanmaga başlaýan madda mukdary artdykça ol ýerdäki dartyş güýji hem artar, Basyş bolsa muna rugsat bermez we merkezde ýygnanmaga başlaýan maddany merkeziň daşyna iter. A eger şert ýerine ýetse, madda merkeze tarap akmaga başlar. Bu ýagdaý dowam etdikçe dykyzlaşýan agyrlyk merkezine tarap ymtylýan madda-da artar.We Dartyş güýji-de basyş-da artar. Basyş ýokarlansa Temperatura-da ýokarlanar. Temp. ortaça 10 mln Kelvine ýetende termoýadro täsirleşmesi başlar. Mundan soň Ýyldyz wodorod “ýakyp” öz energiýasyny özi öndürmäge başlar we ömrüniň agramly bölegini HR çyzgysyndaky Easy ýyldyz yzygiderliliginde geçirer.

Deňagram

Belli bir ýerden soň Dartyş Güýji bilen Basyş deňleşýär. We boşlykda bu güýçleriň deňagramlylygyny sazlaýan, iň ideal, simetriýa eýe bolan şekil şar şeklidir. Şonuň üçin ýyldyzlar we planetalar “togalakdyr”. Elbetde oklarynyň daşyndan aýlanma tizligine görä şekilleri üýtgär. Tizlik artdykça ekwatorlaryndan giňär. Basyşdaky haýsydyr bir üýtgeşme hem deňagramlylygyň bozulmagyna sebäp bolup biler.

Eger güýçler, reaksiýa başlamazdan öň deňleşse ÝYLDYZ EMELE GELMEZ*

Madda mukdary

Elbetde, ýyldyzyň emele gelibilmegi üçin gerek bolan, birleşmeli maddanyň mukdary-da gaty möhümdir. Bulutda Wodorod we Geliýden başga elemelere az bolsa, Günüň massasynyň minimum ~8,3% -ine barabar madda toplanmaly. A eger, H we He-den başga elementlere ( Astronomiýada bulara metal diýilýär eken) baý bolsa, meselem 1–2%, Günüň massasynyň minimum 7,5%-ine deňeçer madda gerek. Ýa-da başgaça aýdanymyzda Ýupiteriň massasyndan 80 esse uly bolmaly. Şertler ýerine yetmese Termoyadro täsirleşmesi başlamaz. Toplanan madda yuwaş-yuwaşdan sowar we millionlaça ýylyň dowamynda gözden ýiter.

Zaman

Gaz we tozanyň öz içine çökmegi üçin gerek bolan zaman (wagt), onuň başlangyç dykyzlygyna baglydyr. Dykyzlyk derejesi artdykça zaman gysgalar. Ýagny, has dykyz gaz-tozan buludy has gysga wagtyň içinde çöker. Çünki, çökmäne sebäp bolýan güýç, Dartyş Güýjidir. Dykyzlyk derejesiniň ýokary bolmagy, biri-birine ýakyn, köp mukdarda madda bar diýmekdir.

Termoýadro Täsirleşmesi ( Gündäki )

Ýyldyzlaryň merkezinde termoýadro täsirleşmesi bolup geçýär. Şol sanda, dünýädäki ýaşaýyşyň energiýa çeşmesi bolan, Günde-de. Günüň massasynyň ~73%-i Wodorod, ~23% -i Geliý we galan bölegi beýleki elementlerden ybarat. Gündäki wodorodyň Geliýe öwrülmegine Termoýadro täsirleşmesi sebäp bolýar. Ýagny bu täsirleşmäniň dowamynda bir atom başga bir atoma öwrülýär.

Birinji ädim.

Wodorod + Wodorod → Deuterium + Neýtrino

1-nji ädim

Täsirleşmede 2 Wodorod atomy birleşip, massasyz, bir bölejik bolan neýtrinony hem-de Wodorodyň izopotlarynyň biri bolan Deuterium (D)-y ýa-da başgaça aýtsak , bir proton we bir neýtrony bolan Wodorod atomyny emele getirýär. Ýüze çykan bu wodorod atomyna agyr wodorod hem diýilýär.

Ikinji ädim.

Bir Wodorod atomy bir Deuterium atomy birleşip, kararsyz (Termoýadro täsirleşmesi bilen başga atomlara öwrülmägä meýilli ) bir Geliý-3 ýadrosy emele gelýär.

Deuterium + Wodorod → Geliý-3

2-nji ädim

Geliý-3, ýadroda diňe bir protony bolan bir Geliý atomydyr. Kararsyz iki Geliý atomynyň birleşmegi bilen ýyldyzlaryň energiýa çeşmesi bolan Termoýadro täsirleşme tamamlanýar.

Geliý-3 + Geliý-3 → Geliý-4 + Wodorod + Wodorod

3-nji ädim

Bu täsirleşmäniň soňunda emele gelen Geliý-4, ýadrosynda iki proton bolan kararly (Termoýadro täsirleşmesine girmägä islegsiz ) bir atomdyr.

Ýokardaky üç ädimi jemlesek: 4 Wodorod → Geliý-4 + 2Neýtrino

jemi
Çeşme: https://upload.wikimedia.org

Processiň ( reaksiýalaryň )soňunda emele gelen Geliý-4-iň massasy, täsirleşmä girýän 4 Wodorodyň atom massasyndan azdyr. Massadaky azalyş E = mc² fomulasyna görä energiýa öwrülýär. Gündäki bolup geçýän bu Termoýadro täsirleşmesi bilen her bir sekuntda ortaça 600 million tonna Wodorod Geliýä, 4 mln ton massa-da, energiýa öwrülýär. We umumy massasy 2*10³⁰ kg bolan ýyldyzymyzda ýene 5 milliard ýyl boýunça şeýle hadysa dowam eder diýilip çaklanylýar.

Jemlesek

(a): Garaňky Molekulýar Buludyn içindäki madda, käbir ýerlerde jemlenmäge başlaýar. We maddanyň toplanýan ýerlerindäki dykyzlyk derejesi beýleki ýerlere garaňda uly bolýar.

(b): Dartyş Güýjiniň täsiri bilen buludymyz öz içine çökmäge başlayar.

(c): Häzirki ýagdaýda merkezdäki “bäbek ýyldyzyň” massasy daşardaky gaz we tozan buludynyň massasyndan kiçidir. Madda mukdarynyň artmagy bilen ýyldyzyň öz okynyň daşyndan aýlanma tizligi azalar. Bu artykmaç Burçlaýyn momentden gutulmak üçin polýuslaryndan madda çüwdirilmägä başlar( ΔL=0). Bu ýagdaýy aşakdaky wideoda has gowy düşündirilipdir.

Wideo.

(d): Wagtyň geçmegi bilen maddanyň akşy birigen disk bilen dowam edýär. Çüwdürimler azalýar.

(e): Uzagna çüwdürimler durýar. Galan madda ýa merkezdäki öňýyldyza akar ýa-da aýlanmaga dowam eder. Ondan-da planetalaryň emele geler.

Çeşmeler

  1. https://www.kozmikanafor.com/yildiz-olusumu-bir-yildiz-nasil-dogar/
  2. http://abyss.uoregon.edu/~js/ast122/lectures/lec13.html
  3. http://www.bilimgenc.tubitak.gov.tr/makale/gunes-enerjisinin-kaynagi-nedir
  4. https://youtu.be/susXE52B9jk
  5. https://www.academia.edu/2999640/Milimetre_milimetre-alt%C4%B1_G%C3%B6zlemleri_ile_Y%C4%B1ld%C4%B1z_Olu%C5%9Fumu

--

--