Asman gümmeziniň öwşün atýan merjen däneleri bolan ýyldyzlar, gadymdan bäri ynsan kowmunyň ünsini özüne çekip gelipdir. Adamlar ýyldyzlary hyýal güýçleri bilen her dürli zatlara, haýwanlara ýa-da daş-töwereginde görýän abzallara, gurallara, Taňrylara meňzedipdirler. Gündelik durmuşynda bolýan wakalara olaryň täsir ýetirýänligine ynanypdyrlar. Olaryň ýyllyk hereketlerini synlap hojalyk işlerinde, wagty kesgitlemekde giňden peýdalanypdyrlar. (Üçýyldyzda(Orion) tün sowar, Ýaldyrakda(Sirius) gün sowar”, “Ülker desse astynda ýatmaz”). Mundan başga-da ýerde, deňizde ugur görkeziji hökmünde ulanypdyrlar. Galyberse-de dürli ugurlardaky ussalar ýyldyzlardan ylham alyp, eselerine tema edinipdirler. Muna mysal hökmünde, Impressionizm sungat akymy suratkeşlerinden Vincent van Gogh-yň Starry Night Over the Rhône eserini belläp geçmek ýerlikli bolar. Ussa bu eserinde Uly Ýedigeni şekillendiripdir.
Asla ýaşmaýan ýyldyz toparlaryndan (ýt) bolan Uly Ýedigen, Halkara Astronomiýa Guramasy tarapyndan kabul edilen 88 sany ýyldyz toparlaryndan diňe biridir. Yyldyz toparlarynyň bir bölegi Demirgazyk ýarym şarda, bir bölegi bolsa Günorta ýarym togalakda ýerleşýär. Ýyldyz toparlary bir näçe ýyldyzyň hyýaly çyzgylar bilen birleşdirilmesinden ybarat bolman, belli bir wagtyň geçmegi bilen ýerlerini we şekillerini hem üýtgedýärler. Ýöne ynsan ömri ony görmek üçin juda gysgadyr. Ýyldyzlaryň şekillerinin üýtgeýanligi baradaky maglumata ilkinji gezek, bilimiň populýarlaşmasy üçin taýsyz işler edan Amerkaly Astrofizik Carl Sagan-yň “Cosmos” atly kitabynda duş gelipdim. Ol yerde awtor Şir-iň 1 mln ýyl soň Radio teleskoplara meňzejegini belläp geçýärdi.
· Suratyň çepinde Ursa Major-yň ýagny Uly Yedigeniň (ýokardan aşak) 1 mln ýyl, 0.5 mln ýyl we günümizdäki şeklini görýäňiz.
· Suratyň sag tarapynda bolsa (ýokardan aşak) Şiriň günümizdäki we mundan 1mln ýyl soňky şeklini görýäňiz.
Ýyldyz toplarlaryna ýer ýüzünden seredenimizde biri-birine ýakyn ýaly görünse-de ýyldyzlaryň aslynda boş giňişlikde ýakyn bolmadygy bize mälim. Elbetde ýakyn görünen hemme ýyldyz üçin muny diýmek dogry bolmaz sebäbi ýakyn bolanlary-da bardyr meselem Uly Yedigenin Goşa ýyldyzlary Alcor we Mizar-yň arasy 3 ýagtylyk ýylydyr(ý.ý). Amateur Astronomiýa bilen gyzyklanyanlar üçin, möhüm we öwrenilmesi gyzykly tema bolan, ýyldyz toparynyň her biriniň asman gümmezinde tutýan meýdany bardyr. We islendik asman jisminiň asmandaky yerini (adresini) haýsy hem bolsa bir ýt-nyň çäginde görkezmek mümkin. Meselem hemmelere mälim bolan Uly Ýedigen çäklerine seredeliň.
· Ýyldyz toparlarynyň ýyldyzlary şöhle saçyşyna göra Grek harplary bilen görkezilýär. Iň ýagty bolany alfa bilen başlaýar we beta, gama diýip, sönük bolanlara tarap dowam edýär. Käbir taryhy wakalar sebäpli hemişe bu tertipde bolmazlygy ahmal.
· Suratyň çepinde aşakda içi garalanan töwerekler, ýyldyzlaryň ýyldyz ululygyny (ý.u) aňladýar. Ý.u ýyldyzlaryň Äleme şöhle saçyşy bilen baglanşykly ululykdyr.
· M: Messier katalogy (Guýrukly ýyldyzlar bilen meşgullanan Charles Messier tarapyndan döredilen bu katalogda asmandaky ýyldyz bolmaýan jisimleri ýer alýar.( M1-M110-a çenli. Goňşy Andromedanyň katalog ady M31).
Suratdaky ak bolan ýerler Uly Ýedigeniň tutýan meýdanydyr. Üns berseňiz, ýyldyz toparynyň alfa ýyldyzy bolan Dubhe-niň ýokarsynda sagda M81 we M82, Mizar-yň çepinde M101, Merak-iň ýanynda M97 galaktikalaryny görmek bolýar.
1-nji jedwel: Asman gümmezindäki ýyldyz toparlarynyň atlary we olaryň haýsy ýarym togalakda ýerleşýändikleri barada maglumat[1].
· *: Yurdymyzyň çäklerinde görünýänler.
· D: Demirgazyk ýarym togalak.
· G: Günorta ýarym togalak.
· Z, aşagy çyzylanlar: Zodiak ýyldyz toparlary.
Bellik: Türkmençe atlaryny Latynça atlarynyň ýanyna ýazmakçydym. Ýöne häzirlikçe 4–5 sanysynyň adyny anyklap bilmedim. Şonuň üçin Iňlis we Türk dillerindäki atlaryny ýazmaga karar berdim.
2-nji jedwel: Ýyldyz Toparlarynyň Iňlisçe, Türkçe atlary we meýdany.
· Meýdany*: Gradus inedördül.
· Z, aşagy çyzylanlar Zodiak ýyldyz toparlary.
Atlas
Merkezde, günümizde Demirgazyk polýusyna gaty ýakyn bolan Kiçi Ýedigenden Demirgazyk(demir gazyk) ýa-da başgaça ady bilen Polaris ýyldyzy bar.
Günortada ýaşayanlar üçin polýusy görkezjek, biziňki ýaly ýagty ýyldyzlary yok.
Zodiak ýyldyz toparlary
Günüň hereket edýän (ýaly bolup görünýän) tekizligine Ekliptika (tutulma) diýilýär. Ýokardaky ýyldyz toparlarynyň 12–13 sanysy Ekliptikada ýerleşyär we Gün ýyl boýunça hereket edende (ekliptikada ýerleşýän) ýyldyzlaryň içinden geçýär (Bu geosentrik sistemanyň kabul edilýän günlerinden galan gürrüň dälmi?).
Ýylyň dowamynda, Ýerden Güne bir göni çyzyk çyzsaň, Günün arkasynda haýsy ýyldyz topary bar bolsa şol “ýyldyzda” bolýarys. Gün, her ýyldyzda belli bir gün bolýar we başgasyna geçýär. Ýagny zodiakda, gazetleriň, žurnallaryň “Ýyldyzlar näme diýýär” ýaly ýazgylarynda görkezilişi ýaly 12 däl-de 13 ýt bar. We her birinde ortaça 30 gün bolmaýar (galanok, duranok). Günümizde haýsy ýyldyzda näçe gün galýany aşakdaky 3-nji jedwelde giňişleýin berilendir.
3-nji jedwel: Günün Ekliptikadaky herekediniň gün sany.
· OPHIUCHUS: Ýylan göteriji.
Bir astronom bilen geçirilen gürrüňdeşlikde:
“Amateur Astronomiýa bilen gyzyklanmak isleýän yaşlaryň käbiri teleskop alyp, edinip işe başlamak isleýär. Elbetde Teleskobyň bolmasy gowy zat. Ýöne asman jisimlerini biraz tanaman, olara gözegçilik etjek bolsaň, 5–10 sany jismi sada göz bilen göreniňdäkiden birazajyk ýagty görersiňiz. Şonun üçin dürbi, teleskopdan öň ýyldyzlaryň, ýyldyz toparlarynyň, garaz asman jisimleriniň atlaryny, ýerlerini, şekillerini, haýsy wagtda yaşyp, haýsy wagtda dogýanyny we ş.m maglumatlary öwreniň diýýän” diýýärdi. Birinjisi bu ikinjisi bolsa twitterdäki, asman gümmezine aşyk iki halypa bilen eden gürrüňdeşligimizde beren goldawlaryndan soň garalamamdaky yarym galan ýazgylary bloga öwürme islegi döredi. “Häzirlikçe elimden gelen şular” diýip iki halypa-da minnetdarlygymy bildirip, ýazga dowam edýän. Ýt-nyň atlary ýokarda bar galan maglumatlaryny öwrenmek üçin telefon we kompýuterler arkaly dürli programmalardan peýdalanmak mümkin. Şol programmalaryň bir-de Stellarium. Stellarium-y şu adresden yüklap, ulanyp bilersiňiz. Ýeri, wagty üýtgedip nirede näwagt näme bolýar görüp bolýar. Web-den ulanmak üçin adresler :
Ýeri gelende gyzyklanýanlar üçin meňzeş temaly bir animemiň adyny-da ýazaýyn. Sora no manimani.
Asmanyňyz açyk bolsun!
Taýýarlan: B.
Çeşmeler:
1. Astronomiýa. Orta mekdepleriň X synpy üçin synag okuw kitaby, 2007. H. Meläýew, G. Gurbandurdyýew, H. Hydyrow. Türkmen döwlet neşirýat gullugy. 1: sahypa 167–168.
2. Astrolojinin Bilimle İmtihanı, Yıldızlar Size Ne Söylemiyor, 2015, T. Uyar, Kırmızı Kedi Yayınevi, ISBN 9786059799089
3. Gökyüzünü Tanıyalım, 2018. Tübitak Popüler Bilim Kitapları 47. Mehmet Emin Özel, A. Talat Saygaç. ISBN 978–975–403–072–3.
4. “Zenan kalby” jemgyýetçilik-syýasy we edebi-çeper žurnal. Neşir N01/540–541/. Sany-102889. A-102301.
Internet Çeşmeleri:
https://www.kozmikanafor.com/takimyildizlar/
https://www.constellation-guide.com/
https://www.kozmikanafor.com/takimyildizlar-hep-ayni-mi-gorunur/